Jemgyýetimiz 2008-nji ýylda düýbi tutulyp, häzirki wagtda hem öz işlerini irginsiz dowam etdirýär. Asyl maksadymyz diňe bir ýurdumyzy özgertmek ýa-da watandaşlarymyza ýokary hilli binalary gurup bermek bilen çäklenmän, eýsem yzygider iş üpjünçiligi, dowamatymyzyň taryh sahypalarynda alowlap ýanyp durjak şam-çyrag bolmagyny ýörelge edinýäris. Bu diýmek: “ Eger biziń tutan ýodamyz gurmak bolsa, onda goý gurmak bizden bolsun, hözirini görip ygtybarly durmuşda ýaşamak sizden!”

Biziň jemgyýetimiz iki agzybir agzanyň dört gözi şol bir nyşana seretmesinden dünýä inen.Olaryň biri 16 ýyllyk iş tejribesini amal depderinde abraý bilen saklap 1998-nji ýyldan tä häzirki günlerimize çenli derman we lukmançylyk enjamlarynyň satuw işlerinde öňde baryjy bolup durýan “Boý Bodron” Hususy Kärhanasydyr. Muňa subutnama bolup 2003/2004-nji ýyllarda Ženewa/Şwetsariýada geçirilen “ International Forum for Business Excellence” forumynda “Gold Medal For Excellence In Business Practice” atly altyn medalyny 2 gezek, şol bir ýylda Pariž/Fransiýada geçirilen “WQC International Star Award” forumynda “Gold category Paris 2004” atly altyn medalyny gazandy.Şeýle hem Türkmenistanda geçirilen “Saglyk 2013” Halkara Sergisinde hemaltyn medalyň ýeňijisi boldy.

Jemgyýetimiz öz ilkinji jogapkärçilikli işini 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabyndaky geljekgi ýaş neslimiz üçin gurulmaly Çagalar Bagyndan başlap 2012-nji ýylda at – abraý bilen tabşyrdy. Häzirki wagtda jemgyýetimiz öz güýç – kuwwatyny gaýgyrman belent sepgitlere baş goşmakda, biziň ygtyýarnamalarymyz bize “raýat gurluşygy şol sanda senagat gurluşygy jaýlarynyň beýikligi 5 gata çenli bolan gurluşyk - gurnama işlerini”, “jaýlaryň beýikligi 5 gata çenli toplumlaýyn taslama işlerini”, “suw desgalarynyň gurluşyk işlerini”, “III-nji we IV-nji derejeli ýol gurluşyk işlerini” we ençeme gurluşyk işlerini amala aşyrmakda hukuk gazandyryp durýar.

*WQC –World Quality Commitment

 

our workour workour work

Adress : Bitarap Türkmenistan şaýoly jaý 204 ş.Aşgabat / TÜRKMENISTAN
Tel: +993 12 95 12 80
Fax: +993 12 95 12 80
E-mail: office@turkmensenet.com

Merkezi ofisymyz
Ähli haklar © 2017 "Türkmen senet" HJ-ne degişlidir.